TÝL ― 2022: 8 golly duşuşykda «Merw» «Nebitçini» uly hasap bilen ýeňdi

23:5929.09.2022
0
24723

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň çäginde Mary şäherinde geçirilen duşuşykda derwezelere 8 pökgi girizildi. Duşuşyk «Merwiň» uly hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Has takygy, Mary şäherindäki 10 müň orunlyk Sport toplumynda «Nebitçini» kabul eden «Merw» 6:2 hasabynda garşydaşyndan üstün çykdy.

22-nji minutda Toýly Goçnazarowyň, 35-nji minutda Kemal Annamuhammedowyň we 41-nji minutda Alibek Abdyrahmanowyň geçiren gollaryna «Nebitçi» 44-nji minutda Arslangylyç Nazarow bilen bir gezek jogap berdi.

Ýöne «Merwiň» hüjümleri munuň bilen hem tamamlandy. Alibek Abdyrahmanow ikinji ýarymda ýene üç gezek ― 64 (11 m.j.u.), 79 we 88-nji minutlarda hem tapawutlanyp, şu möwsümde pokeri amala aşyran ilkinji futbolçy boldy. «Nebitçi» bolsa ýer eýeleriniň bu gol ýagmyryna diňe 70-nji minutda Röwşen Begjanowyň tapawutlanmagynda bir gezek saýawan tutup bildi.

Bu ýeňiş «Merwi» oýun artykmaçlygy bilen ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna hem çykardy. Häzir Mary şäheriniň toparynda 11 duşuşykda 22, «Altyn asyrda» bolsa 10 duşuşykda 21 utuk toplady. «Merwiň» ikinji orunda galyp-galmajaklygy «aragatnaşykçylaryň» şu gün geçirjek duşuşygynyň ykbalyna bagly. «Nebitçiniň» bolsa 3 utuk bilen iň soňky orunda barýandygyny ýatladýarys.

12-nji tapgyrda 4-nji oktýabr güni «Merw» «Altyn asyryň» myhmany bolar. «Nebitçi» bolsa şol gün «Aşgabady» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň