Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni bellenildi, Serdar Berdimuhamedow we Rustam Minnihanow Aşgabatda duşuşyk geçirdiler, «Burj-Halifa» binasy türkmen baýdagynyň reňkleri bilen reňklendi

12:5028.09.2022
0
31954

1. 27-nji sentýabrda Türkmenistanda milli baýramlaryň esasylarynyň biri –Garaşsyzlyk güni bellenildi. Aşgabatda Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada dabaraly ýöriş ýaýbaňlandyryldy.

2. Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar söwda we ynsanperwer ulgamlarda aragatnaşygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

3. Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistany Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutladylar. BAE-niň ýolbaşçylary «Burj-Halifa» binasynyň ýüzüni türkmen baýdagynyň reňkleri bilen bezediler.

4. Mary we Lebap welaýatlarynda «KAMAZ» kysymly awtoulaglar üçin abatlaýyş we tehniki hyzmat merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Ilkinji «KAMAZ» hyzmat ediş-okuw merkezi Aşgabatda 2008-nji ýylda açylypdy.

5. Sankt-Peterburgyň ýolbaşçylary türkmenistanly talyplaryň şäheriň ýokary okuw mekdeplerinde we kollejlerinde bilim almaklary üçin orunlary artdyrmagy meýilleşdirýärler. Bu babatda gubernator Aleksandr Beglow Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen bolan duşuşygyň netijesinde habar berdi.

6. Mähirli Zenan türkmen kompaniýasy agşamky we gündelik lybaslarynyň täze güýzki toplumyny tanyşdyrdy. Özboluşly bezeg aýratynlyklary we umumy stilistikada taýýarlanan zenan geýimleri halkyň taryhyny we medeniýetini şöhlelendirýärler. Täze toplumda mahmal, keteni we bir reňkli matalar peýdalanylypdyr.

7. Hindistanyň ýolbaşçylary 5G ulgamyny eýýäm oktýabryň başynda işe girizmegi meýilleşdirýändiklerini habar berdiler. Ýurtda aragatnaşygyň täze nesline tapgyrlaýyn esasda, şäherden şähere geçiler. Birinji tapgyrda 13 şäher göz öňünde tutulýar, olaryň hatarynda Bangalor, Deli, Kalkutta we Mumbai şäherleri bar.

8. EasyJet awiakompaniýasynyň Milandan Neapola uçuş amala aşyrýan uçaryny ýyldyrym urdy. Howa gämisi Bari şäheriniň howa menzilinde mejbury gonuşy amala aşyrdy. Uçaryň içinde 90 ýolagçy bardy.

9. Futzal boýunça Türkmenistanyň erkekler ýygyndysy Kuweýtde geçirilýän Aziýanyň Kubogy – 2022-niň başynda Özbegistandan asgyn geldi. Duşuşyk türkmen futzalçylarynyň 0:8 hasabynda ýeňlişi bilen tamamlandy. Türkmenistanyň milli ýygyndysy bäsleşikdäki indiki duşuşygynda 29-njy sentýabrda Bahreýniň toparyna garşy durar.

10. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň türgenleri Samarkantda geçirilen Ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynda medallarynyň sany boýunça ikinji orny eýeledi. Olar 3 altyn, 5 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Birinji orny Özbegistan eýeledi. Üçünji orny – Gyrgyzystanyň ýygyndysy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň