Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň iki welaýatynda «KAMAZ» hyzmat ediş merkezleri açyldy

10:2626.09.2022
0
38550

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Mary we Lebap welaýatlarynda «KAMAZ» kysymly awtoulaglar üçin okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň açylyş dabaralary boldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

«KAMAZ» kysymly awtoulaglaryň täze okuw we tehniki hyzmat merkezleriniň ulanmaga berilmegi mynasybetli guralan dabaralara Türkmenistanyň ulag ulgamynyň, «KAMAZ FTC Corp. LLP» kompaniýasynyň müdiriýetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşululardyr ýaşlar, şeýle-de medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Mary welaýatynda döredilen okuw we hyzmat ediş merkezi «Askan» hojalyk jemgyýeti tarapyndan, Lebap welaýatyndaky merkez bolsa «Awtotrans» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.

Geçen ýylyň güýzünde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde şu binalar ýaly okuw we hyzmat ediş merkeziniň ulanyşa goýberilendigini bellemek bolar. Ol Türkmenistanda birnäçe ýyllar bäri üstünlikli iş alyp barýan Sankt-Peterburgyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi tarapyndan guruldy. Ýatlap geçsek, bu ugurda ilkinji «KAMAZ» okuw we hyzmat ediş merkezi Aşgabat şäherinde 2008-nji ýylda açyldy.

Mundan öň, has takygy 2019-njy ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň ministrliklerine, degişli pudaklaýyn edaralaryna we kärhanalaryna «KAMAZ» awtoulaglaryny we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin şertnama baglaşmaga ygtyýarlylyk berýän Karara gol çekipdi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň