Top.Mail.Ru

«Mähirli Zenan» täze güýzki egin-eşik toplumyny hödürleýär

10:0127.09.2022
0
37016

«Mähirli Zenan» türkmen kompaniýasy ýurduň baş baýramçylygynyň – Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda agşamky we gündelik geýimleriň täze güýzki toplumyny hödürleýär.

Özboluşly bezeg aýratynlyklary bilen umumy stilistikada taýýarlanan zenan geýimleri türkmen halkynyň taryhyny we medeniýetini şöhlelendirýär.

Baýramçylyk toplumynda mahmal, keteni we bir reňkli matalar peýdalanylypdyr. Her bir lybas, şol sanda köýnekler we abaýlar (gündogara mahsus donlar), žiletler, ýaglyklar we ýapynjalar gadymy görnüşler boýunça döredilen hakyky el işi nagyşlary bilen bezelendir. Ýaş modaçylar hem ünsden düşürilmändir, olar üçin owadan we rahat geýimler taýýarlanyldy.

Ýatlatsak, täze toplumyň görkezilişi 7-nji sentýabrda «Gül Zemin» söwda-dynç alyş merkezinde, Aşgabatda geçirilen «Moda hepdeligi – 2022-niň» çäklerinde guralypdy. Mähirli Zenanyň modelleri eminler tarapyndan ýokary baha mynasyp bolup, «Konseptual dizaýn» ugry boýunça ýeňiji boldular.

«Mähirli Zenanyň» täze toplumynyň egin-eşiklerini kompaniýanyň «Bagtyýarlyk» SDAM-de ýerleşýän ýöriteleşdirilen dükanyndan satyn alyp bilersiňiz.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň