Top.Mail.Ru

Aşgabatda baýramçylyk mynasybetli dabaraly ýöriş başlandy

11:0027.09.2022
0
39415
Aşgabatda baýramçylyk mynasybetli dabaraly ýöriş başlandy
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Döwlet münberiniň toplumynyň öňündäki meýdançasynda dabaraly ýöriş başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk ýörişi göni ýaýlymda görkezilýär.

Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky Garaşsyzlyk binasynda gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanynyň asylly ýörelgesine eýerip, bu dabara Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň