Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriň birleşigi howply ýükleri daşamak boýunça okuwlary geçirýär

08:4428.09.2022
0
25101

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda howply ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünleri babatdaky kararyna laýyklykda, awtoulag mekdeplerinde «Howply ýükleri daşamak üçin sürüjileri taýýarlamak boýunça okuw Meýilnamasy» we degişli maksatnama tassyklanyp, olaryň esasynda sürüjileri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlar geçirilýär.

Bu resminamada sürüjileri ýurduň çäginde we halkara ýük gatnawlarynda howply ýükleri daşamagyň düzgünlerine aýratyn ähmiýet berilýär.

Bu okuwlaryň esasy maksady sürüjileriň bilimlerini we başarnyklaryny kämilleşdirmek, hünär işlerinde zerur aýratynlyklary kesgitlemek we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda howply ýükleriň döwletiň çäginde, şeýle-de halkara derejesindäki awtoulag ýollarynda daşalmagyny amala aşyrmakdan ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda hem, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi netijeli iş alyp barmak bilen, sürüjileri nazary we amaly sapaklaryň esasynda okuw işiniň çäginde howply ýükleri daşamagyň düzgünleri boýunça taýýarlaýar.

Jemleýji synag barlaglary bolsa sürüjileriň bilim maksatnamalaryny özleşdirmeklerine we olaryň bilim derejesine baha berýär. Synagdan geçenler bolsa degişli tertipde resminamalar üpjün edilýär.

Howply ýükleri daşamakda ulaglaryň sürüjileri şu düzgünleri bilmelidirler we olary berjaý etmelidirler:

  • Himiki ýa-da tehniki aýratynlyklary adamlara we daşky gurşawa howp salýan maddalar we önümler — howply harytlar kategoriýasyna degişlidir (DG);
  • çykýan gazlaryň klassifikasiýasyny we umumy aýratynlyklaryny bilmek;
  • ýörite enjamlar üçin niýetlenen gurallaryň bolmagy: bellikler, maglumat tagtalary, mämişi reňkli görkezme esbaplary we ş.m;
  • adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almagyň usullaryny öwrenmek;
  • ylalaşylan gatnaw ugruň bolmagy;
  • görnüş koduny, howp belgisini we ýük belgisini görkezýän ýörite konteýneriň bolmagy (deprek, kanistr, aýna ýa-da plastmassa gaplar we ş.m.);
  • howply maddalary we zatlary daşamak üçin niýetlenen ulag tizliginiň talaplaryny ýerine ýetirmek;
  • ulag resminamalarynyň bolmagy: ýörite rugsat, deslapky taýýarlyk şahadatnamasy, ýol ýazgysy, harytlar üçin hasap-faktura, eltip bermek şertnamasy we ş.m .;
  • şeýle hem: azyndan üç ýyl sürüjilik tejribesiniň bolmagy, ýol hadysalary üçin administratiw jerimeleriň bolmazlygy, ýük awtoulagyny dolandyrmak babatda sürüjilik kategoriýasynyň bolmagy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň