Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleriniň birleşigi dürli derejeler boýunça sürüjileriň taýýarlanylyşy we gaýtadan taýýarlanylyşy baradaky täzeliklerden habarly bolmak, şeýle-de uzak aralykdan ýetirilýän hyzmatlardan onlaýn peýdalanmak üçin gyzyklanma bildirýän raýatlary resmi web saýtyndan peýdalanmaga çagyrýar.
Birleşigiň saýtyndan sürüjileriň «А», «В», «С», «D» hem-de «E» derejeler boýunça taýýarlanylyşynyň we gaýtadan taýýarlanylyşynyň okuwlarynyň nyrhnamalary bilen tanyşmak, internet arkaly bu okuwlara ýazylmak ýa-da planşet test barlaglaryny geçmek (hökmany suratda hasaba alynmaly), sürüjilik okuwlaryna kabul edilişigiň golaýdaky seneleri we beýleki maglumatlar bilen tanyşmak bolýar.
Mundan başga-da, web saýtyň sahypalarynda Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň ýurduň ähli künjegindäki şahamçalary barada maglumatlar ýerleşdirilendir.
Şeýle-de okaň:
- Türkmenistanyň Awtomobil mekdepleri birleşiginiň okuw sapaklaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar
- Türkmenistanda sürüjilik okuwlarynyň synaglarynda dalaşgärlere bildirilýän talaplar
- Awtomobil mekdepleriň birleşigi sürüjilere dürli derejeler boýunça taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak okuwlaryny geçýär
- Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Daşoguz welaýat şahamçasy sürüjilik okuwlaryna çagyrýar
- Awtomobil mekdepleri Türkmenistanyň raýatlaryna sürüjilik synaglary bilen tanyşmagy teklip edýär
- Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň Lebap welaýat şahamçasy sürüjilik okuwlaryna çagyrýar