Samarkant şäherinde geçirilýän ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatynda Türkmenistanyň 4×100 metr aralyga estafetalaýyn ylgamak boýunça milli ýygyndysy kümüş medala mynasyp boldy.
Pellehana ikinji orunda gelen ildeşlerimiz bellenen aralygy 42,70 sekuntda geçdiler.
Ýaryşyň baş baýragyna 41,50 sekuntlyk netije bilen Täjigistanyň ýygyndysy mynasyp boldy.
Ilkinji üçlükde 42,93 sekuntlyk netije görkezen özbek ýeňil atletikaçylary hem bar.
Ýeňil atletika boýunça Merkezi Aziýanyň IV açyk çempionatyna Samarkant şäherinde 24-nji sentýabrda badalga berildi. Onuň çäklerinde ýeňil atletikanyň 41 görnüşi boýunça medallaryň 56 toplumy ugrunda ýaryşlar geçirilýär. Şäher bu ýaryşy taryhynda ilkinji gezek kabul edýär. Ýaryşa gatnaşmak üçin Özbegistana dünýä döwletlerinden 300-den gowrak türgen ýygnandy.