Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystan Türkmenistandan elektrik energiýasynynyň importyny artdyrar

14:1122.09.2022
0
17427

Gyrgyzystan Türkmenistandan elektrik energiýasyny has köp mukdarda we yzygiderli import etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Gyrgyzystanyň energetika ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Taalaýbek Ibraýewiň sözlerine salgylanyp, tazabek.kg habar berýär.

Taalaýbek Ibraýew geljek ýyl hem Gyrgyzystanyň Türkmenistandan elektrik energiýasyny satyn almagy meýilleşdirýändigi barada ýangyç-energetika toplumynyň işine bagyşlanan mejlisde habar berdi. Onuň belleýşi ýaly, Gyrgyzystan üçin geljek ýyl elektrik toguny Türkmenistandan satyn almak, Özbegistandan üstaşyr geçirmek we Gazagystandan import etmek zerur bolup durýar.

Ministrligiň ýolbaşçysy mejlisde Türkmenistandan, Özbegistandan hem-de Gazagystandan elektrik energiýasyny import etmekligiň ýakynlaşyp gelýän gyş paslynda has-da zerur boljandygyna ünsi çekdi. Şeýle hem ol 28-29-njy sentýabr aralygynda Almaty şäherinde geçiriljek türki dilli döwletleriň energetika ministrleriniň duşuşygynda geljek ýylda hem elektrik energiýasyny import etmek meselesini gozgamak isleýändiklerini aýtdy.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2022-nji ýylyň 6 aýynda Türkmenistandan Gyrgyzystana iberilýän elektrik energiýasynyň jemi mukdary 1,7 milliard kWt sagada, umumy bahasy bolsa, ABŞ-nyň 45,6 million dollaryna barabar boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň