Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Gyrgyzystana umumy bahasy 45 million dollardan gowrak elektrik energiýasyny eksport etdi

11:5630.08.2022
0
18891

2022-nji ýylyň 6 aýynda Türkmenistandan Gyrgyzystana iberilýän elektrik energiýasynyň jemi mukdary 1,7 milliard kWt sagada, umumy bahasy bolsa ABŞ-nyň 45,6 million dollaryna barabar boldy. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetine salgylanyp, «TREND» habar berýär.

Habarda görkezilen döwürde Gyrgyzystanyň Türkmenistandan elektrik energiýasyndan başga-da, 7,4 million dollarlyk pomidory we 1,6 million dollarlyk benzini import edendigi hem bellenilýär.

Şol bir wagtyň özünde, 2022-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda iki döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygy 59,8 million dollara deň boldy, bu bolsa 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4 esse ýokarydyr (15.2 million dollar).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň