Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Gazagystandaky «Digital Bridge» halkara forumyna gatnaşar

11:4922.09.2022
0
15010
Türkmenistan Gazagystandaky «Digital Bridge» halkara forumyna gatnaşar
Surat: Tengrinews

Türkmenistan Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek «Digital Bridge» halkara tehnologiýalar forumyna gatnaşar. Bu barada Gazagystanyň resmi internet neşirleri habar berýär.

28-29-njy sentýabrda geçiriljek bu tehnologiýalar forumynyň esasy temasy «Merkezi Ýewraziýa — tehnologiýalaryň täze platformasy hökmünde» diýlip atlandyrylar. Gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky tehnologiýa boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly bu foruma Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Palestinadan hem-de Gazagystandan tehnologiýa merkezleriň 13-si gatnaşar.

Forumyň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri öz maksatnamalary we tehnologiýa başlangyçlary bilen çykyş ederler. Şeýle-de forumyň çäklerinde halkara bilermenleriň gatnaşmagynda IT ulgamynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýeri gelende bellesek, «Digital Bridge» halkara forumy Gazagystanda her ýyl döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda geçirilýän iň uly IT çärelerinden biridir. Foruma her ýyl halkara IT jemgyýetçiliginiň ýolbaşçylary, Gazagystanyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uguraş kompaniýalary hem-de bu ugur bilen gyzyklanýan iri maýa goýujylar gatnaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň