Soňky habarlar

Arhiw

Ahal welaýatynda uzynlygy 6200 metre ýetýän Saglyk ýoly gurlar

13:4419.09.2022
0
32094

Aşgabatdan 30 kilometr uzaklykda 950 gektar ýerde guruljak Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde ýerli ýaşaýjylara we myhmanlara Saglyk ýoly hem hyzmat eder.

Türkmen telewideniýesinde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze merkezde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşlygyň barşynda Ahal welaýatynyň Saglyk ýolunyň geçjek ýerleriniň çyzgysy bilen tanyşdyryldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow umumy uzynlygy 6 müň 200 metre barabar bolan Saglyk ýolunyň çägi, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak hem-de ýoluň ugrunda ugurdaş desgalary gurmak, gök zolaklary döretmek bilen baglanyşykly meselelere jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň