Soňky habarlar

Arhiw

Londonda Şa zenana ýadygärlik dikiler

11:3719.09.2022
0
17090
Londonda Şa zenana ýadygärlik dikiler
Surat: ru.wikipedia.org

Beýik Britaniýanyň golaýda aradan çykan Şa zenany Ýelizaweta II hormatyna Londonyň merkezindäki Trafalger meýdançasynda ýadygärlik peýda bolmagy mümkin. Bu baradaky meseläni ýurduň ministrleridir Patyşalyk köşgüniň ýolbaşçylary ara alyp maslahatlaşýarlar diýip, «Times» gazeti habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Heýkelde şa zenanyň 70 ýyllyk ýurdy dolandyran döwri öz şöhlelenmesini tapar, mundan başga-da şa zenanyň hormatyna köçelere, seýilgählerde we beýleki ýerlere adyny dakmak meýilleşdirilýär.

Şa zenany Ýelizaweta II 8-nji sentýabrda Şotlandiýadaky Balmoral mülkünde aradan çykdy, ol şu gün— 19-njy sentýabrda ýerlener.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň