Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Azerbaýjanyň ýygyndysyndan üstün çykdy

11:3918.09.2022
0
29082

Futzal boýunça geçiriljek Aziýa Kubogy – 2022-niň final tapgyryna taýýarlygynyň çäginde Baku şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň milli ýygyndysy ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Baku şäherindäki «Baki Idman sarayi» sport toplumynda geçirilen duşuşykda ýygyndy toparymyz Azerbaýjanyň ýygyndy toparyny 4:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Türkmen ýygyndysyna ýeňiş getiren toplary Kadyr Berenow, Mülkaman Annagulyýew (2) hem-de Daniil Pançenko öz atlaryna ýazdyrdylar.

Türkmenistanyň ýygyndysy okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda ýene-de bir ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

Guwanç Kanaýewiň ýolbaşçylygyndaky tälimçiler toparynyň Baku şäherinde geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna hem-de Aziýa Kubogy-2022-niň final tapgyrynda çykyş etmek üçin Naýbaşy futzal ligasynda çykyş edýän futzalçylaryň 14-sini (2 derwezeçi, 12 oýunçy) çagyrandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy okuw-tügenleşigi tamamlanandan soň, 23-nji sentýabrda yklym ýaryşynyň geçirilýän ýeri bolan Kuweýte döwletine ugur alar.

Ýygyndy 27-nji sentýabr bilen 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriljek Aziýa Kubogyny-2022-niň final tapgyrynda «B» toparçada çykyş eder.

27-nji sentýabrda geçiriljek duşuşykda türkmen ýygyndysy Özbegistanyň milli ýygyndysy bilen duşuşar. 29-njy sentýabrda Bahreýniň ýygyndy topary bilen duşuşjak milli ýygyndymyz, 1-nji oktýabrda Täjigistanyň ýygyndy toparynyň garşysyna meýdança çykar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň