Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň täze ilçisi Awstriýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

12:2917.09.2022
0
22985

Wena şäherindäki «Hofburg» Prezident köşgünde ilçi H.Amannazarowyň Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene ynanç hatlaryny gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Gowşurylyş dabarasynyň çäklerinde ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Prezident Aleksandr Wan der Bellene gyzgyn salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan gyzgyn salamlary üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Wan der Bellen, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny, Türkmenistanyň halkyna bolsa özüniň iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň