Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Hemra Sapargylyjewiç Amannazarow Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. «Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, döwlet Baştutanynyň gol çeken Resminamasyna laýyklykda Hemra Sapargylyjewiç Amannazarowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejesi berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken ýene bir Permanyna laýyklykda, Silapberdi Aşyrgeldiýewiç Nurberdiýew başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky (Wena şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Wengriýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Çehiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Slowakiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň hemişelik wekili hem-de Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek baradaky Şertnama Guramasynyň (Wena şäheri, Awstriýa Respublikasy) taýýarlaýyş toparynyň ýanyndaky wekili wezipelerinden boşadyldy.