Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Yslam Karimowyň aramgähine baryp gördi

11:5415.09.2022
0
30359
Serdar Berdimuhamedow Yslam Karimowyň aramgähine baryp gördi
Surat: president.uz

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen, şu gün Özbegistana sapar bilen bardy.

Sapar maksatnamasyna laýyklykda, Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde Özbegistanyň ilkinji Prezidenti Yslam Karimowy hatyralady. «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň görnükli syýasy işgäri, ilkinji Prezidenti Yslam Karimowyň hormatyna Samarkantda gurlan mawzoleýe baryp, gül dessesini goýdy we türkmen-özbek doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşan görnükli döwlet işgäriniň ýagty ýadygärligini hatyralady.

Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana saparynyň çäklerinde şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, ŞHG-nyň Baş sekretary Çžan Min bilen duşuşyklary geçirendigini habar beripdik.

Sammitiň çäginde türkmen Lideriniň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen hem ikitaraplaýyn gepleşik geçirmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň