Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wizalary bermek üçin arzalaryň kabul edişligini gaýtadan ýola goýdy, «Türkmenfilm» Daşkent halkara kinofestiwalyna gatnaşar, «iPhone 14» görnüşleri bilen tanyşlyk

11:0010.09.2022
0
36572

1. Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wizalar bölümi Şengen wizasyny resmileşdirmek üçin arzalary kabul edip başlady. Kabul edişlik çäklendirilen möçberde amala aşyrylýar. Şengen wizasyny almak üçin arzalara seretmegiň möhleti 15 iş gününe deňdir.

2. Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi 13-18-nji sentýabr aralygynda Daşkentde geçiriljek «Ýüpek ýolunyň merjeni» atly XIV halkara kinofestiwalyna gatnaşar, onuň çäklerinde Türkmen kinosynyň günleri ýaýbaňlandyrylar. Festiwalyň tomaşaçylaryna Arslan Eýeberdiýewiň «Istärin», Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» we Wepa Işangulyýewiň «At – Myrat» atly filmleri görkeziler.

3. «Turkmenportal» saýtynda «alma» nyşanly smartfonlaryň täze görnüşleri barada maglumat berýän habar ýerleşdirildi. Alypbaryjy Gülaýym Ataýewa täze «iPhone 14-iň» 4 nusgasynyň hersi barada takyk gürrüň berýär.

4. «Taşkent Argo Traktor» zawodynyň önümi bolan 270 sany traktor tirkegi Türkmenistana gelip gowuşdy. Olar Lebap, Ahal, Mary, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň pagta arassalaýjy kärhanalaryna paýlanyldy. Her tirkegiň ýük göterijiligi 4,5 tonna deňdir. Şu ýylyň ahyryna çenli ýurdumyza ýene 730 sany tirkeg getiriler.

5. Hytaýly alymlar Aýyň topragynda ozal mälim bolmadyk mineral tapdylar. Bu toprakdan nusgalar Ýere getirilipdi. Minerala «Çanýe daşy» diýip at berdiler. Bu eýýäm adamlar tarapyndan Aýda tapylan we Ýerdäkiler bilen hiç hili meňzeşligi bolmadyk altynjy mineraldyr.

6. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminler korpusynyň ýolbaşçysy Wadim Baratow 27-nji sentýardan 8-nji oktýabra çenli Kuweýtde geçiriljek futzal boýunça Aziýanyň Kubogy – 2023 çempionatyna synçy (inspektor) hökmünde çagyryldy. Wadim Baratow «Iň gowy emin» ugry boýunça «UMBRO Futsal Awards 2011» baýragynyň eýesidir.

7. Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň 1/4 finalynyň ilkinji duşuşyklarynyň netijeleri. «Altyn asyr» 4:0 hasabynda «Nebitçiden» üstün çykdy.

«Şagadam» myhmançylykda «Energetikden» 3:1 hasabynda üstün çykdy. «Köpetdag» «Aşgabady» 3:2 hasabynda ýeňdi. «Ahal» «Merwden» 2:1 hasabynda üstün çykdy. Çärýekfinalyň jogap duşuşyklary 21-nji sentýabrda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň