Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wiza bölümi çäkli tertipde işläp başlady

16:2209.09.2022
0
32034

Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wiza bölümi häzirki wagtda diňe çäkli esasda açykdyr. Germaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasyndaky maglumatlar 8-nji sentýabrda täzelendi.

Germaniýanyň ilçihanasy wiza we Germaniýa girmek baradaky soraglary ilki bilen aragatnaşyk formasy arkaly ibermegi maslahat berýär. Telefon arkaly sowallara duşenbe — penşenbe günleri sagat 14:00-dan 15:00-a çenli jogap berilýär: (+993 62) 82 43 04 we (+993 62) 82 43 08.

Işgärler ýagdaýy sebäpli häzirki wagtda Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy ýüztutujylary diňe çäkli derejede kabul edip biler. Şengen wizasy üçin arzalara garamagyň möhleti adatça 15 iş güni diýlip bellenilýär.

Mundan ozal Germaniýanyň ilçihanasynyň täze wiza anketalary boýunça meselelere wagtlaýynça seretmändigini ýatladýarys. Germaniýa wiza bermek diňe aşa zerur şertlerde mümkindi.

2022-nji ýylyň 11-nji iýunyna çenli COVID-19 sebäpli Germaniýa girmek baradaky ähli çäklendirmeler wagtlaýynça ýatyryldy. Häzirki wagtda, Türkmenistandan Germaniýa barmaga rugsat berildi. Germaniýa barmak üçin indi sanjym pasportyny ýa-da kesel we synag baradaky maglumatlaryň görkezilmegi zerur däl.

Awgust aýynda Türkmenistan Germaniýa bilen yzygiderli howa gatnawlary dikeltdi. Uçuşlar hepdede iki gezek çarşenbe we şenbe günlerinde amala aşyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň