Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşiginiň çärýekfinalynyň çäginde bir duşuşyk geçirildi.
Paýtagtymyzdaky “Nusaý” stadionynda geçirilen duşuşykda “Ahal” bilen “Merw” toparlary güýç synanyşdylar. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini has ýerlikli peýdalanan “Ahal” 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy. Topara ýeňiş getiren toplary Didar Durdyýew bilen Gurbanguly Aşyrow öz atlaryna ýazdyrdylar. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.
Bu toparlaryň arasyndaky çärýekfinalyň jogap duşuşygy 21-nji sentýabrda Mary şäherinde geçiriler.
Ýurdumyzyň Kubok bäsleşiginiň çärýekfinalynyň beýleki üç duşuşygy 9-njy sentýabrda geçiriler: “Energetik” – “Şagadam”, “Köpetdag” – “Aşgabat”, “Altyn Asyr” – “Nebitçi”.
Türkmenistanyň Kubok bäsleşiginiň çärýekfinal duşuşygy:
“Ahal” — “Merw” – 2:1
Gollar: 2 Didar Durdyýew, 6 Gurbanguly Aşyrow (“Ahal”) – 19 Alibek Abdyrahmanow (“Merw”)
Duýduryşlar: 29 Serdar Geldiýew (“Ahal”) – 72 Begenç Alamow, 74 Söhbet Allanurow, 80 Begli Meredow (“Merw”)
Bellik: duşuşygyň 75-nji minutynda Arslanmyrat Amanow 11 metrlik jerime urgusyny nädürs ýerine ýetirdi (“Ahal”)
Geçirilen ýeri: “Nusaý” stadiony (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: Ş.Hydyrow (Balkanabat ş.)
Kömekçi eminler: I.Kurambaýew (Daşoguz ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: Ý.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: M.Seýitgulyýew (Aşgabat “)