Türkmenistanyň U-20 ýygyndysy BAE-däki ikinji ýoldaşlyk duşuşygynda hem ýeňiş gazandy

09:0008.09.2022
0
6660

2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň öňüsyrasy BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy ol ýerde ikinji ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

Said Seýidowyň tälim berýänleri Ajman şäherinde geçirilen duşuşykda ýerli “Gulf United FC” toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdy. Ýaşlar ýygyndymyza ýeňiş getiren toplary Arslan Saparow (23-nji, 82-nji minutlar) bilen Ylýas Çaryýew (30-njy minut) öz atlaryna ýazdyrdylar.

Okuw-türgenleşigi tamamlanandan soň ýaşlar ýygyndymyz saýlama tapgyrynyň geçirilýän ýeri bolan Amman (Iordaniýa) şäherine ugur aldy.

Ýeri gelende bellesek, ýygyndy toparymyz ýaşlar ýygyndylarynyň (U20) gatnaşmagynda 2023-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder. Geçirilen bije çekişlikde “D” toparça düşen ýaşlar ýygyndymyzyň garşydaşlary Iordaniýanyň, Hytaý Taýpeýiniň, Siriýanyň hem-de Demirgazyk Marian adalarynyň ýygyndy toparlary bolar. Saýlama tapgyryň duşuşyklary şu ýylyň 10-18-nji sentýabry aralygynda merkezleşdirilen görnüşinde Iordaniýanyň Amman şäherinde geçiriler.

2023-nji ýylyň mart aýynda Özbegistanda geçiriljek Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda saýlama tapgyryň 10-synyň ýeňijileri bilen birlikde ikinji orny eýelänleriň 5-si çykyş etmäge mümkinçilik alarlar. Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy ýaryşa ýer eýesi hökmünde gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň