Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan iň arzan benzinli döwletleriň sanawynda ilkinji onluga girdi, DIM Russiýanyň Owganystandaky ilçihanasyndaky jenaýatçylykly heretlere nägilelik bildirdi, Türkiýä gitmek üçin wizalary resmileşdirmekde gerek bolan resminamalaryň sanawy

12:0707.09.2022
0
14790

1. Türkmenistan iň arzan benzinli döwletleriň sanawyna girdi we 7-nji orny eýeleýär. Bütin dünýäde 1 litr benziniň ortaça bahasy $1,36 dollara deňdir, iň arzan benzin bolsa Wenesualada bardyr. Öňdäki üçlüge Liwiýa we Eýran hem girýär.

2. Türkmenistan 5-nji sentýabrda RF-iň Kabuldaky ilçihanasynda bolup geçen we Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleriniň hem-de Owganystanyň parahat ýaşaýjylarynyň ölümine sebäp bolan jenaýatçylykly heretlere kegitli nägilelik bildirdi. Bu barada türkmen DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.

3. Türkiýä bir aýdan köp möhlet bilen syýahatçylyk wizalaryny resmileşdirmek üçin Türkmenistanyň raýatlaryna esasan haýsy resminamalaryň gerekdigi mälim edildi. Talap edilýän resminamalaryň doly sanawy bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

4. Şu gün Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi. «Ak altyny» ýygmakda 1600 kombaýn, 7800 ýük ulagy we 158 sany gaýtadan işleýän kärhana işe giriziler.

5. Türkmen döwlet gurjak teatry 9-11-nji sentýabr aralygyna tomaşaçylara ýetiriljek spektakllarynyň sanawyny yglan etdi. Dynç günlerinde aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary 7 sany çagalar üçin niýetlenen sahna oýnuna çagyrylýarlar. Oýunlaryň tertibi bilen şu ýerde tanşyp bilersiňiz.

6. Polşanyň 17-nji asyra degişli gonamçylyugynda «wampir» aýalyň mazary tapyldy. 400 ýyl ýerde ýatan we alyn dişi öňe çykyp duran skeletiň boýnunda orak bardy. 11-nji asyrda «wampirler» gaýtadan direlmez ýaly, şeýle usulda özboluşly jaýlaýardylar.

7. 1-nji ýanwardan Russiýanyň we Eýranyň arasynda wizasyz tertip giriziler. Bu düzgün 15 günüň dowamynda 5-den 50 adama çenli syýahatçylyk toparynyň düzüminde syýahat edilende hereket eder.

8. Çempionlar ligasy dolanyp geldi! «Çelsi» «Dinamo Zagrebden» asgyn geldi, Mbappeniň dubly «Ýuwentus» bilen duşuşygyň ykbalyny çözdi, Eden Azar netijeli hereketleri bilen tapawutlandy we «Reala» «Seltikden» üstün çykmaga kömek etdi, «Milan» «Zalsburg» bilen utuklary paýlaşdy, «Şahtýor» uly hasap bilen «Leýpsigi» ýeňmegi başardy, «Benfika» «Makkabiden» üstün çykdy, «Borussiýa» Dortmundda «Kopengagene» üç sany jogapsyz gol geçirdi, «Mançester Siti» bolsa «Sewilýanyň» derwezesine jogapsyz 4 gol urmagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň