Soňky habarlar

Arhiw

Çempionlar ligasynda Mbappeniň dubly PSŽ-ä ýeňiş getirdi

02:2007.09.2022
0
9248
Çempionlar ligasynda Mbappeniň dubly PSŽ-ä ýeňiş getirdi

Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň çäginde «Park de Prens» stadionynda PSŽ Italiýanyň «Ýuwentusyny» kabul etdi. Bu oýun iki toparyňam UEFA-nyň ýaryşlarynyň çäginde ilkinji gezek geçiren özara resmi duşuşygy boldy.

Duşuşyk 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. PSŽ-niň düzüminde Mbappe tapawutlandy (5, 22).

«Ýuwentusyň» ýeke-täk goluny 53-nji minutda Makkenni geçirdi.

Bu duşuşyk PSŽ-niň oýunçysy Messiniň Çempionlar ligasynda oýnan 19-njy möwsümi boldy. Bu babatda öňdeligi «Realyň» öňki derwezeçisi Iker Kasilýas eýeleýär — 20 möwsüm.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň