Turkmenportal logo
06.09.22
1880318803
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Owganystandaky terrorçylykly hereketi berk ýazgarýar
Türkmenistan Owganystandaky terrorçylykly hereketi berk ýazgarýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleriniň we Owganystanyň raýatlarynyň ölümine sebäp bolan Russiýa Federasiýasynyň Kabuldaky ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň golaýynda 2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda edilen terrorçylykly hereketi berk ýazgarýar.


Türkmenistanyň DIM-niň resmi Beýanatynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan terrorçylyga garşy halkara göreşe işjeň gatnaşyjy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň terrorçylyga garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny has-da berkitmäge çagyrýar.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi wepat bolan rus kärdeşleriniň maşgalalaryna, garyndaşlaryna we dostlaryna çuňňur gynanç bildirdi.