Türkmen wekiliýeti Nur-Sultanda geçiriljek GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşar

12:0707.09.2022
0
13238

2022-nji ýylyň 8-9-njy sentýabry aralygynda Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisi hem-de 8 — 10-njy sentýabr aralygynda Gazagystanyň Milli muzeýinde GDA agza ýurtlaryň halkara sungat sergisi geçiriler. Bu barada Gazagystanyň Medeniýet we sport ministrligi habar berýär.

Habarda bellenilişine görä, 8-9-njy sentýabrda geçiriljek GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisi hasap boýunça 37-njisi bolup, oňa Gazagystandan başga-da ýene sekiz döwletiň — Azerbaýjanyň, Belarussiýanyň, Gyrgyzystanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň gatnaşmagyna garaşylýar. Mejlisde taraplar medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini, GDA-nyň çäginde medeni-ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini we bu babatda resminamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşarlar.

8 — 10-njy sentýabr aralygynda Gazagystanyň Milli muzeýinde «Sungat giňişliginde milli döredijilik» şygarynyň astynda GDA agza ýurtlaryň halkara sungat sergisi geçiriler. Bu çärä gurama agza ähli döwletlerden, şol sanda Türkmenistandan hem medeniýet we sungat ussatlary gatnaşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň