Arhiw

Türkmenistanyň müftisiniň müdiriýeti Ahal welaýatynyň täze merkezinde metjit gurmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi

09:5202.09.2022
0
22665

Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýeti Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde döwrebap metjidiň taslamasyny düzmek we ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan etdi.

«Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habar berşi ýaly, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça görnüşde arza bermeli we degişli resminamalary almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler iki bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli.

Teklipler 30 iş gününiň dowamynda Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň binasynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Berkarar etrabynyň Görogly köçesiniň 31-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 27-35-73, 27-44-13.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň