Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow TMÝG-niň VII gurultaýyna gatnaşyjylary gutlady

07:1201.09.2022
0
15254

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VII gurultaýyna gatnaşyjylara we ýurduň ähli ýaşlaryna gutlag iberdi.

«Hormatly gurultaýa gatnaşyjylar! Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary! Sizi Garaşsyz döwletimiziň işeňňir hem-de öňdebaryjy jemgyýetçilik guramasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bütin durky bilen Watana bolan beýik söýgä ygrarly, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dostlugy özlerine ýörelge edinen ýaşlarymyzyň durmuşynda uly orun aljak bu gurultaýyň örän netijeli hem-de üstünlikli geçmegini arzuw edýärin» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belleýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, öz işinde ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek, döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin has oňaýly şertleri döretmek maksatlaryndan ugur alýar. Ýaşlar guramasynyň alyp barýan bu işleri jemgyýetde bitewüligi, jebisligi, agzybirligi berkitmäge, beýik özgertmeleri, milli maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berýär.

Döwlet Baştutany: «Ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn pikirlenmäge ukyply nesil döwletiň hem, milletiň hem geljegi hasaplanýar» diýip nygtaýar.

— Döwür eziz Diýarymyzyň syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik durmuşyny has-da kämilleşdirmegi, düýpli özgertmegi, her bir işe täzeçe çemeleşmegi talap edýär. Şu nukdaýnazardan, Ýaşlar guramasynyň gujur-gaýratly agzalarynyň, ýurdumyzyň watansöýüji, ylymly, bilimli, dörediji we gurujy ähli ýaşlarynyň jemgyýetimizde durnuklylygy hem-de bitewüligi pugtalandyrmaga işjeň gatnaşjakdyklaryna, Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, bütin dünýädäki abraý-mertebesiniň belende göterilmeginiň hatyrasyna ak ýürekden yhlasly zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn — diýmek bilen, Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen ýaşlaryna uly ynam bildirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň