Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Awaza bardy

21:5227.08.2022
0
28708
Gurbanguly Berdimuhamedow Awaza bardy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça häzirki zaman şypahana-dynç alyş düzümi döredildi, şeýle-de Awaza derýasy çekildi.

Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimi D.Jumaýew Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna dynç alşyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada gürrüň berdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Awazanyň çäginde bar bolan desgalaryň işini dolandyrmaga örän jogapkärçilikli we toplumlaýyn esasda çemeleşilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Bu ýerde syýahatçylyk pudagyny, şypahana-dynç alyş düzüminiň işini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglylykda, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň häkimine birnäçe öwüt-ündewlerini, maslahatlaryny berdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy boýunça gezelenjini welosipedli dowam etdi hem-de Awazanyň bagy-bossanlygyny, binagärlik aýratynlyklaryny, gözel keşbini synlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň