«Türkmengeologiýa» seýsmiki gözlegiň täze usullary üçin zerur enjamlary satyn alar

17:1127.08.2022
0
24832

Döwlet eýeçiligindäki «Türkmengeologiýa» korporasiýasy uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmak babatda seýsmiki barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze 3D ölçegli häzirki zaman geofiziki enjamlary satyn alar.

Şunuň bilen baglylykda, geofiziki işleriň netijeleri boýunça alnan maglumatlary işläp geçmek üçin 3D ölçegli geofiziki enjamlar toplumyny satyn almak göz öňünde tutulýar.

Bu barada 26-njy awgustda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Ş.Abdrahmanow hasabat berdi diýip «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mejlisiň dowamynda ýangyç-energetika toplumynyň netijeli işlemegini üpjün etmegiň onuň düzümini döwrebaplaşdyrmak hem-de önümçilik kuwwatyny artdyrmak, nebitgaz ýataklarynyň ulanylýan guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmaga ýardam edýän ylmyň gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny belläp, wise-premýere bu örän möhüm pudagy yzygiderli diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň