Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Aşgabady» ýeňip, ýaryş tertibiniň ikinji basgançagyna çykdy

23:5626.08.2022
0
16688

Şu gün Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynda «Altyn asyr» «Aşgabady» kabul etdi. Türkmen paýtagtyndaky «Nisa» stadionynda geçirilen duşuşyk «aragatnaşykçylaryň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Hasaby ilki bolup 26-njy minutda goragçy Zafar Babajanow açdy. 78-nji minutda bolsa 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetiren hüjümçi Altymyrat Annadurdyýew toparynyň ýeňşini berkitdi.

«Altyn asyr» bu ýeňişden soň utugyny 12-ä çykaryp, ýaryş tertibinde ikinji orna göterildi. 3 utukly «Aşgabat» bolsa ýedinjilikde galdy.

Tapgyr 27-nji awgustda geçiriljek «Energetik» ― «Nebitçi», «Ahal» ― «Merw» we «Şagadam» ― «Köpetdag» duşuşyklary bilen tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň