Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde iki sany täze mekdep we çagalar bagy ulanylmaga berler

10:0924.08.2022
0
26334

Daşoguz welaýatynyň bilim edaralar ulgamyna ýakyn geljekde üç sany täze bina goşular. Sebitde umumy bilim berýän täze okuw jaýynyň ikisini we çagalar bagynyň birini işe girizmek üçin taýýarlyk görülýär.

Şolardan biri, 600 orunlyk mekdep, S.A.Nyýazow etrabynyň Şöhrat geňeşliginiň Buýanly obasynda ýerleşýär. Ol jemi dört gektardan gowrak ýeri tutýar. Iki gatly binasy bolsa ýedi bölekden ybarat bolup, olarda köp sanly synp otaglaryndan başga-da mejlisler zaly, kitaphana, naharhana we beýleki zerur otaglar ýerleşýär. Oba mekdebiniň çäginde bu bilim ojagyny ýylylyk we elektrik bilen özbaşdak üpjün edýän zerur tehniki desgalar-da guruldy diýlip, «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Alty ýüz okuwça niýetlenen başga bir mekdep bolsa, Daşoguz şäheriniň Şagadam köçesiniň ugrundaky täze ýaşaýyş jaýlar toplumynda ýerleşýär. Onuň umumy meýdany üç gektara deň. Dört bölekden ybarat täze bilim ojagynyň iki gatly binasynda sowady ýokary, berk bedenli ýaş nesli terbiýelemek üçin ähli şertler döredilýär.

Mekdebe çenli ýaşly çagalar barada aýdylanda bolsa, olar üçin sebitiň dolandyryş merkezinde Şagadam köçesiniň ugrunda ýerleşýän 240 orunlyk täze çagalar bagy ýakyn wagtda öz gapylaryny açar.

Onda ýatylýan otaglardan we synplardyr döredijilik otaglaryndan başga-da aýdym-saz zaly, lukman otagy, açyk howada dynç alyş eýwanlary, hereketli oýunlar üçin açyk oýun meýdançalary we dürli maksatly beýleki zerur zatlar guruldy. Bu ýerde ýerli çagalaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, şol sanda kompýuter biliminiň esaslaryny we daşary ýurt dillerini öwretmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň