Türkmenistanly çagalar Moskwadaky foruma çagyrylýar

16:2319.08.2022
0
19523

Ilkinji çagalar medeni forumy, Moskwadaky Milli ykdysadyýetiň üstünlikleriniň sergi toplumynda çagalaryň ilkinji medeni forumy geçiriler. Oňa Russiýa, Belarus, Serbiýa, Täjigistan, Özbegistan, Müsür we Türkmenistan ýaly döwletlerden 1500-den gowrak zehinli çaga gatnaşar.

Forumyň çäginde 60-dan gowrak dürli çäreler geçiriler. Has takygy, magistrlik sapaklary, leksiýalar, döredijilik ussahanalary, tegelek stollar we çeperçilik mekdepleri meýilleşdirilýär.

Forumyň maksatnamasy 25-nji awgustda başlar. Sergeý Bezrukow, Igor Butman, Ýelena Gagarina, Ýuliana Slaşçewa, Nikolaý Tsiskaridze, Konstantin Habenskiý ýaly meşhurlar ýaş nesil bilen şahsy tejribelerini paýlaşarlar.

Foruma gatnaşyjylar öz taslamalaryny Russiýanyň medeniýet ministri Olga Lýubimowa hödürläp bilerler. Medeniýeti ösdürmäge we çagalaryň döredijiligini goldamaga gönükdirilen iň oňat eserler federal maliýe goldawyny alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň