Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: üç topar üç duşuşykda-da ýeňildi

19:2814.08.2022
0
1191

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň täze möwsüminde «Merw», «Şagadam» ýaly toparlaryň has güýçli garşydaşlaryny hem yzda galdyryp, ýaryş tertibiniň başyny çekmegi bilen bir hatarda, möwsüme şowsuz başlan toparlar hem göze ilýär.

Has takygy, «Aşgabat», «Nebitçi» we «Energetik» toparlary täze möwsümdäki üç duşuşygynyň ählisinde hem garşydaşlaryndan utulyp, diýseň pes netijeleri görkezýärler.

Ýaryş tertibini jemleýän bu üç topardan «Aşgabadyň» diňe 3-nji tapgyrda garşydaşlara bir pökgi geçirip bilendigini hem ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň