Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Monrealdaky «Mastersde» XX asyrdaky sensasiýa gaýtalandy

23:1111.08.2022
0
1107

Kanadanyň Monreal şäherinde dowam edýän «Masters» turnirinde garaşylmadyk netijeler hasaba alynýar. Bäsleşikde ATP reýtinginiň ilkinji üç basgançagyny eýeleýän tennisçileriň üçüsi hem özleriniň ilkinji duşuşyklarynda utulyp, ýaryşy terk etdiler. Has takygy, ýaryşyň 1/16 final tapgyrynda dünýäniň birinji raketkasy Daniil Medwedew Nik Kirýosdan (7:6, 4:6, 2:6), ATP sanawynyň ikinji ornundaky Karlos Alkaraz Tommi Poldan (7:6, 6:7, 3:6) hem-de reýtingiň güýçli üçlügini jemläp duran Stefanos Sissipas Jek Dreýperden (5:7, 6:7) ýeňlip bäsleşigi terk etdi. Şeýle-de dünýäniň bäşinji raketkasy Andreý Rublýow hem 1/16 tapgyrda Daniýel Ewansdan (4:6, 4:6) asgyn gelip, ýaryşdaky çykyşyny ir tamamlady. Şeýlelikde, indi Monrealdaky «Masters» ýaryşyny dowam edýän erkek tennisçileriň arasynda dünýäniň ilkinji onlugyna girýän bary-ýogy üç tennisçi (ýedinji ýerdäki Kasper Ruud, dokuzynjy ýerdäki Feliks Ože-Alýassim hem-de onunjy ýerdäki Hubert Hurkaç) galdy.

Bu şowsuzlyk ATP sanawynyň kerwenbaşysy Daniil Medwedewiň utuklarynyň azalmagyna getirdi. 15-nji awgustda täzelenjek ATP reýtinginde onuň hasabyndaky utuklar 6885-e çenli azalar. Şeýlelikde russiýaly tennisçi 2009-njy ýyldan bäri (utuk hasaplanyş düzgüni üýtgedilenden soň) 7000-den az utuk bilen dünýä sanawynyň birinji ornunda duran ilkinji tennisçä öwrüldi. Häzirki ýagdaýlara görä, Medwedew 22-nji awgustdaky täzelenjek reýtingde birinji orny ýitirip hem biler.

Ýeri gelende bellesek, «Masters» ýaryşlarynda dünýä reýtinginiň iň güýçli üç tennisçisiniň hem deslapky oýnunda ýeňlip ýaryşdan çykmagy XXI asyrda ilkinji gezek bolýar. Mundan ozal şeýle ýagdaý 1999-njy ýylda Indian-Uellsdäki «Mastersde» ýüze çykypdy. Şonda Pit Sampras, Ýewgeniý Kafelnikow hem-de Aleks Korretha birinji oýundaky şowsuzlyk sebäpli ýaryşdan çykypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň