Soňky habarlar

Arhiw

«Aşgabat-siti» 744 gektar meýdanda gurlar

17:3711.08.2022
0
12693

Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginde umumy meýdany 744 gektar bolan, binalaryň we desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alýan «Aşgabat-siti» ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy iri innowasion taslamadyr. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1 200 orunlyk dört sany mekdebe çenli çagalar edaralary, 3 000 orunlyk umumy bilim berýän dört sany mekdep, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalary, köpugurly hassahana, iki sany saglyk öýi, 5 000 orunlyk stadionly sport toplumy hem-de durmuş ulgamyna degişli beýleki binalar we desgalar gurlar.

Bu taslamany durmuşa geçirmekde esasy gollanma bolup Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen Prezident Maksatnamasy hyzmat eder diýip, «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda aýdylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň