Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2022: «Şagadam» myhmançylykda «Nebitçiden» üstün çykdy

23:5306.08.2022
0
3319

Türkmenistanyň futbol çempionaty ― 2022-niň 2-nji tapgyrynda «Nebitçi» «Şagadamy» kabul etdi. Duşuşyk şu gün Balkanabat şäherindäki Sport toplumynda geçirilip, myhman toparyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 45-nji minutda Ýunus Orazmämmedow geçirdi. Bu ýeňişden soňra «Şagadam» 6 utuk bilen ýaryş tertibiniň birinji basgançagyna çykdy. Ikinji orundaky «Merwde» hem 6 utuk bar, ýöne «Şagadam» käbir aýratynlyklar boýunça öňe saýlanýar.

11-nji awgustda geçiriljek 3-nji tapgyryň duşuşygynda «Nebitçi» Aşgabatda «Köpetdag» bilen duşuşar. «Şagadam» bolsa ertirligi gün öz meýdanynda «Altyn asyry» kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň