Ýapon alymlary uglerod nanokökleri balyk teňňelerinden öndürmegiň usulyny oýlap tapdylar. Bu baradaky makala «Green Chemistry» neşirinde çap edildi.
Uglerod nanokökler diýlip, göwrümi birnäçe nanometre deň bolan uglerod gurluşlara aýdylýar, olar bir-biriniň üstünde ýerleşdirilýär. Şeýle gurluşlar oňat elektrik we ýylylyk geçirijiligi bilen tapawutlanýar hem-de elektronikada, meselem, telewizor önümçiliginde peýdalanylyp bilner.
Indi Nagoý tehnologik uniwersitetiniň hünärmenleri şeýle nanokökleri balyk senagatynyň galyndylaryndan öndürmegiň usulyny oýlap tapdylar. Iş örän ýönekeý we on sekunt töweregi wagt alýar. Ýagny balyk teňňeleri güýçli kiçitolkun şöhlelerine sezewar edilýär, netijede, bioserişde gyzýar we köp gatlakly uglerod nanosferalara öwrülýär.
Alymlar şeýle usulda alnan materialy OLED-telewizorlaryň täze nesliniň önümçiliginde peýdalanyp boljakdygyny we munuň senagaty ekologik taýdan has arassa etmäge mümkinçilik berjekdigini aýdýarlar.