Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjan Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza berip başlady

15:4901.08.2022
0
15992
Azerbaýjan Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza berip başlady

Azerbaýjan Respublikasy 2022-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza bermegi ýola goýdy. Degişli bildiriş Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan sosial ulgamlarda ýerleşdirildi.

Elektron wiza almak üçin ýüztutujy zerur resminamalar bukjasyny we anketany elektron görnüşinde doldurmaly. Elektron wiza ASAN Visa onlaýn ulgamynda 3 (üç) iş gününiň dowamynda berilip bilner.

Talap tassyklansa, ýüztutujy bank karty bilen wiza tölegini tölär, soňra onuň e-poçta salgysyna elektron wiza geler. Elektron wiza üçin döwlet tölegi 20 dollara deňdir. Wiza almak üçin töleg Visa, MasterCard we UnionPay bank kartlary arkaly internetiň üsti bilen amala aşyrylýar.

Elektron wiza adaty wiza bilen deňdir we daşary ýurt raýatyna ýurda girmek hukugyny berýär. ASAN wizalary 30 güne çenli bir gezeklik sapar üçin berilýär.

Elektron wiza bermek mümkinçiligi 2017-nji ýylda Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew tarapyndan tassyklandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň