Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabat şäherine täze prokuror bellenildi

21:2330.07.2022
0
36679
Aşgabat şäherine täze prokuror bellenildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Öwezmämmet Şyhmämmedowy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyp, ony Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti 5-nji iýulda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Mälikgulyýewi Türkmenistanyň Baş prokurory wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesinden boşatdy.

Ýustisiýanyň geňeşçisi Öwezmämmet Şyhmämmedow 2019-njy ýylyň noýabr aýyndan häzirki wagta çenli Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurory wezipesinde işledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň