Soňky habarlar

Arhiw

3-nji awgustda Awazada türkmen türgenleri sylaglanar

23:3429.07.2022
0
10770

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer N.Amannepesowa Russiýa Federasiýasynda awtomobil sportunyň Ralli-reýd görnüşi boýunça geçirilen «Ýüpek Ýoly — 2022» atly halkara ýaryşda, Özbegistanyň Daşkent şäherinde agyr atletika boýunça ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda baýrakly orunlary eýelän türkmen türgenlerine 3-nji awgustda Awazada ýurduň ýolbaşçylarynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmagy guramagy tabşyrdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany mejlisde 1-nji awgustdan başlap, ähli ýolbaşçylaryň ýurduň şypahanalarynyň islendiginde dynç alyp, saglyklaryny berkidip biljekdigini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli sanawy düzmek barada görkezme berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň