Soňky habarlar

Arhiw

Rahat Japarowyň topary Gyrgyzystanyň kubogynda finala

12:3227.07.2022
0
4293

Futbol boýunça Gyrgyzystanyň kubogynyň ýarym finalynda «Abdyş-Ata» topary «Algany» 4:2 hasabynda ýeňdi.

Türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow ýeňiji toparyň düzüminde başlangyç düzümde meýdana çykyp, oýnuň tutuş dowamynda derwezäni ynamly gorady.

Ýarym finalyň 14-nji iýulda geçirilen birinji duşuşygynda «Abdyş-Ata» 0:1 hasabynda ýeňlipdi. Ikinji duşuşykdaky üstünlik bolsa Rahat Japarowy we onuň topardaşlaryny finala alyp çykdy.

«Abdyş-Atanyň» finaldaky garşydaşy «Neftçi» bolar. «Neftçiniň» kubok ýaryşynyň häzirki ýeňijisidigini hem ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň