Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

21:5424.07.2022
0
5828
Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady
Surat: Indiannews

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hanym Draupadi Murmu Hindistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany gutlagynda Türkmenistan bilen Hindistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan hem-de däp bolan dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem giňeldiljekdigine ynam bildirdi.

Hormatly Prezident şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmu berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Hindistanyň gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda rowaçlyklary arzuw etdi.

Habar berşimiz ýaly, heniz sesleriň sanalyşygy tamamlanmanka, Murmunyň sesleriň 50 göterimden gowragyny alandygy belli boldy. Ol öz garşydaşy, «Ählihindi Trinamul kongres» partiýasyndan bolan dalaşgär Ýaşwant Singhden mazaly ozdurdy. Şeýlelikde, Murmu Hindistanyň 15-nji Prezidenti boldy.

Draupadi Murmu az sanly santallar taýpasyndan bolan zenandyr, bu taýpanyň wekilleri ilatyň iň pes durmuş goragly gatlagydyr. Onuň kandidaturasyny saýlawlarda goldan Premýer-ministr Narendra Modi hanym Murmunyň Hindistanyň iň beýik Prezidenti boljakdygyna ynam bildirdi, Modiniň sözlerine görä, ol garyplara we ýekirilenlere kömek etmäge ukyply döwlet Baştutany bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň