Turkmenportal logo
22.07.22
93259325
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Draupadi Murmu Hindistanyň täze Prezidenti boldy
Draupadi Murmu Hindistanyň täze Prezidenti boldySurat: The Indian Express

Habarda heniz sesleriň sanalyşygy tamamlanmanka, Murmunyň sesleriň 50 göterimden gowragyny alandygy bellenýär. Ol öz garşydaşy, «Ählihindi Trinamul kongres» partiýasyndan bolan dalaşgär Ýaşwant Singhden mazaly ozdurdy. Şeýlelikde, Murmu Hindistanyň 15-nji Prezidenti boldy.


Draupadi Murmu az sanly santallar taýpasyndan bolan zenandyr, bu taýpanyň wekilleri ilatyň iň pes durmuş goragly gatlagydyr. Onuň kandidaturasyny saýlawlarda goldan Premýer-ministr Narendra Modi hanym Murmunyň Hindistanyň iň beýik Prezidenti boljakdygyna ynam bildirdi, Modiniň sözlerine görä, ol garyplara we ýekirilenlere kömek etmäge ukyply döwlet Baştutany bolar.