Türkmenistan Russiýadan 5 sany teplowoz satyn aldy, Milli Geňeşiň Mejlisi 14 sany täze kanun kabul etdi, RF-niň agentlikleri rus KHBS-niň saýtlarynyň ýapylandygy hakyndaky maglumaty ret etdi we beýleki habarlar

10:2618.07.2022
0
9766

1. «Türkmendemirýollary» agentligi Russiýadan Brýansk maşyngurluşyk zawodynyň önümçiligine degişli bolan 5 sany magistral ýük teplowozlaryny satyn aldy. Ýük ulaglary ýaramsyz howa şertlerinde çylşyrymly ýol gurluşy bolan zolaklarda ulanmak üçin niýetlenendir.

2. 16-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň 19-njy maslahatynda 14 sany täze kanun kabul edildi.

3. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy saýtda deslapky ýazgylar bölüminde näsazlyklaryň döreýändigi hakynda habar berdi. «Soňky günlerde saýtda deslapky ýazgylar girizilen wagty näsazlyklaryň ýüze çykýandygyny görýäris. Tehniki sebäplere görä, ulanyjylar sahypadaky kabul edişlige bellenilmek boýunça arzalaryny tassykladyp we kabul ediş petegini alyp bilenoklar, şeýlelikde, olaryň sahypadaky arzalary güýjüni ýitirýär».
4. Aşgabatda täze «The Ostrovsky Lounge» restorany açyldy. Täze restoran özüniň baý we köpdürli tagamlary bilen tapawutlanýar. Ol birnäçe bölümlere bölünendir: karaoke, launj zolagy we eýwan. Restoranyň tagamlaryna we içki gurluşyna şu salgyda baha berip bilersiňiz: Aşgabat, 2060-njy köçe (öňki Ostrowskiý köçesi).

5. Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy habarlar agentlikleri birnäçe internet neşirlerinde Türkmenistanda rus media we teleýaýlymlarynyň tutuşlygyna ýapylandygyny hakynda peýda bolan maglumatyň ýalandygyny bellediler. «Rus KHBS-niň saýtlary, şol sanda ТАSS, «РИА Новости», РБК и «Лента.ру» Türkmenistanda hiç hili çäklendirme bolmazdan açylýar» diýip, TASS-yň Aşgabatdaky habarçysy habar berdi.

6. Ilkinji gezek türkmenistanly gyzlardan düzülen iki sany topar tehnologiýalara esaslanýan jemgyýetçilik telekeçiligi ulgamy boýunça gyzlaryň arasynda dünýäniň iň iri bäsleşigi bolan «Technovation Girls» halkara bäsleşiginde ýarymfinala çykdylar. Taslamanyň çäklerinde gyzlar ýerli birleşigiň haýsy-da bolsa bir kynçylygyny ýeňip geçmäge ýa-da meselesini çözmäge gönükdirilen ykjam goşundyny döretmeli we ony tanyşdyrmaly.

7. Bütindünýä bankynyň berýän maglumatlaryna görä, planetamyz hakyky heläkçiligiň bosagasynda dur. 2016-njy ýylda dünýäde 2,01 millard tonna gaty zyňyndy toplandy, ýagny adam başyna günde 0,74 kilogram zibilden düşýär. Hojalyk zyňyndylary bilen dünýä derejesindäki göreş hakynda has anyk maglumat almak üçin aşakdaky çykgyda basyň.

8. Özbegistanyň Energetika ministrligi ýurduň raýatlaryny adaty bolmadyk yssy howada eketrik enjamlaryna aşa agram düşmegi sebäpli döräp biläýjek näsazlyklaryň we bökdençlikleriň öňüni almak maksady bilen elektrik energiýasyny mümkin boldugyndan tygşytly peýdalanmaga çagyrdy.

9. Golliwudyň aktýory, «Matrisa» we «Jon Wik» filmleriniň ýyldyzy Kianu Riwz Formula-1 çempionaty baradaky gepleşige alypbaryjylyk eder. Häzirki wagtda ol «Disney+» ýaýlymynda köpçülige ýetiriljek täze dokumental köp bölümli filmiň üstünde işleýär.

10. Türkmenistanyň awtomobil sporty federasiýasynyň toparynyň sürüji türgenleri Merdan Toýlyýew we Şöhrat Toýlyýew «Ýüpek ýoly» ralli-marafonynda ýolsuz ýerler üçin niýetlenen awtoulaglaryň hatarynda T2 ugry boýunça ýeňiji boldular. Topar bu abraýly marafonda ilkinji ýeňşini gazandy. Ikinji orna Şamyrat Gurbanow, üçünji orny bolsa Maksatmyrat Daňatarow eýelemegi başardy.

11. 14 sany türkmenistanly dzýudoçylar Zagrebde geçirilen Gran-pri tapgyryndaky halkara çempionata gatnaşdylar. Iň gowy netijäni 60 kg çenli agram derejede çykyş eden Hakberdi Jumaýew görkezdi, ol ýedinji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň