Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi Saud Arabystanynyň «Al-Feýsali» toparyna tälim berer

11:2115.07.2022
0
6486

Ante Mişe Saud Arabystanynyň «Al-Feýsali» toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Klubyň resmi web saýty horwatiýaly tälimçi bilen bir ýyllyk şertnama baglaşylandygyny habar berdi.

Ante Mişe munda ozal 2020-nji ýylyň dekabryndan şu ýylyň iýun aýyna çenli aralykda Kuweýtiň «Al-Arabi» toparynda işläpdi. Topar onuň ýolbaşçylygynda soňky 19 ýylyň içinde ilkinji gezek ýurduň çempiony boldy we Kuweýtiň şazadasynyň kubogyna mynasyp boldy.

«Al-Arabi» Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisiniň ýolbaşçylygynda AFK-nyň kubogynda «B» toparçanyň ýeňijisi bolup, «Günbatar Aziýa» sebitiniň pleý-off tapgyryna çykdy. Topar pleý-offda Omanyň «Al-Sib» topary bilen duşuşar.

55 ýaşly Ante Mişe Türkmenistanyň futbol ýygyndysyna hem tällim beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň