Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji iýulda Özbegistanda döwlet saparynda bolýar

13:2214.07.2022
0
5679

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-15-nji iýulda Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň köpugurly mümkinçiliklerinden peýdalanmaga ýardam etjek resminamalaryň toplumyna gol çekmek göz öňünde tutulýar. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ministrler Kabinetiniň 13-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde aýdylyşy ýaly, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri-de goňşy döwletler bilen gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Türkmenistan Özbegistan bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Şol gatnaşyklar häzirki döwürde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany hökmünde Özbegistana amala aşyrýan ilkinji sapary özara bähbitli hyzmatdaşlyk, taryhyň çuňluklaryna uzaýan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ädim bolar.

Iki goňşy ýurt BMG-niň, ÝHHG-niň, GDA-nyň, YHG-niň hem-de beýleki abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň çäklerinde-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege goldaw berýärler.

Belläp geçsek, 2007 — 2022-nji ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň derejesinde özara saparlaryň 25-si guraldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hukuk binýady häzire çenli iki döwletiň arasynda gol çekilen 246 döwletara, hökümetara we pudagara resminamalar bilen berkidildi. Iki ýurduň sebitleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösdürilýändigine şaýatlyk edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň