Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 11-nji iýulda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar kabul edilip başlanar

22:1008.07.2022
0
64691

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmeklik 2022-nji ýylyň 11-nji iýuly — 26-nji awgusty aralygynda guralar.

Şeýle hem, okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň