Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Koton» dükany egin-eşiklerini 6 aý garaşaryna berýär

10:1108.07.2022
0
17457

Ýaş gyzlar we zenanlar üçin döwrebap egin-eşikleriň trend moda kybap gelýän nusgalaryny özünde jemleýän «Koton» dükany alyjylaryň garderoblaryny täze egin-eşikler bilen üpjün etmegi üçin özboluşly mümkinçilik döretdi. Indi müşderiler dükandan islän harytlaryny birinji aýyň tölegini geçirmän 6 aý garaşaryna alyp bilýärler.

Bu ýeňillikli hyzmatdan peýdalanmakda alyjylar 1500 manada çenli söwda etmek üçin pasportynyň nusgasyny, 3000 manada çenli möçberde haryt satyn almak üçin bolsa işleýän ýerinden kepilnama alyp dükana bermelidir. Şunuň bilen birlikde hem bu hyzmaty resminamalaşdyrmakda dükan alyjy bilen şertnama baglaşýar.

Türkmenistanda ýokary hilli egin-eşik görnüşleriniň hatarynda tanalýan bu brendiniň önümleri diňe bir göze gelüwliligi hem-de täsin dizaýn aýratynlygy bilen däl-de, eýsem düzüminiň köp böleginiň pagtadan durýanlygy bilen hem tapawutlanýar. Bu bolsa beden üçin has ýakymly ýumşaklygy döredýär.

«Koton» dükanynyň salgysy: Aşgabat ş., «Berkarar» SDAM, 2-nji gat.

Telefon belgisi: (+993 61) 64 39 96.

Şeýle-de, okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň