Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty minsitrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda hyzmatdaşlygyň çäklerinde Russiýanyň Hökümeti tarapyndan Türkmenistandan lukmançylyk hünärmenleriniň taýýarlygy üçin 2022/23 okuw ýyly üçin býujetli ýerler bölünip berildi.
Bu barada Turkmenportala Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde habar berdiler.
Bellenilişi ýaly, türkmen hünärmenleriniň Russiýanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary şu maksatnamalar boýunça amala aşyrylar:
- ordinatura (hünärler – «Anesteziologiýa we reanimatologiýa» we «Epidemiologiýa»);
- aspirantura (hünärler «Urologiýa» we «Rentgen-endowaskulýar hirurgiýa»).
Belläp geçsek, 2017-2022-nji ýyllar aralygynda 113 sany türkmen hünärmeni hünär kämilligini ýokarlandyrmak üçin Russiýa Federasiýasynyň öňdebaryjy klinikalaryna iberildi.