Täjigistanyň «Futbol» teleýaýlymy CAFA ― 2022-niň çägindäki Täjigistan ― Türkmenistan duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer

19:1407.07.2022
0
3291

Türkmenistanyň futbol boýunça zenanlar ýygyndysy Merkezi Aziýa Futbol assosiasiýasynyň (CAFA) çempionatynyň açylyş oýnunda Täjigistanyň ýygyndysy bilen duşuşar. Bu duşuşyk Täjigistanyň «Futbol» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Bu barada ýaýlymyň resmi saýtynda habar berildi.

Oýun ertir, 8-nji iýulda Aşgabat wagty bilen 21:50-de başlar. Duşuşyga sagat 22:00-da badalga berler.

«Futbol» teleýaýlymy Türkmenistanda IPTV ulgamynyň üsti bilen elýeterlidir.

Türkmen futbolçylary bir aýlawdan ybarat boljak ýaryşda 11-nji iýulda Gyrgyzystanyň (19:00), 14-nji iýulda Özbegistanyň (19:00), 17-nji iýulda bolsa Eýranyň (19:00) ýygyndysy bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň